Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barbozadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Diplomat alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde, dünýäde uly abraýa eýe bolan döwletde Braziliýa wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, şeýle hem iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işi bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşlikde parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara taýýarlyk beýan edildi.
Diplomat söwda-ykdysady, ylym-bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, iki halkyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni dialogy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny-da nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rubem Antonio Korrea Barboza iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän köpugurly we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.