Türkmenistan arap ýurtlary bilen ulag, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

23:1419.07.2023
0
33544

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Jidda şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki sammitde eden çykyşynda ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi nygtady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, biziň sebitlerimizi birleşdirmek maksady bilen, täze üstaşyr ulag geçelgelerini, berk we ygtybarly logistika infrastrukturasyny döretmegi wajyp hasaplaýandygyny aýtdy.

— Ulag ulgamynda tagallalary utgaşdyrmak üçin Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýurtlarynyň Ulag komitetini döretmegi teklip edýäris — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle-de energetika pudagyna hem giň orun berilýändigine we bu ýurtlarda baý energiýa çeşmeleriniň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we olary gaýtadan işleýän güýçli önümçilik desgalarynyň bardygyna aýratyn üns çekdi.

— Energetika pudagynda bilelikdäki hereketleriň mümkinçiliklerini seljermek we maslahat bermek işlerini alyp barjak Energetika boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň