Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi iki ministrlige bölündi

23:0614.07.2023
0
50276

Şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda» Permana gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamada:

  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmelidigi;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, degişlilikde, Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamalaryň, olaryň merkezi edaralarynyň gurluşlarynyň taslamalaryny, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini, merkezi edaralarynyň işgär sanawy hakyndaky hem-de şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamalydygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermelidigi;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenilýändigi;
  • Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenilýändigi bellenilýär.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň