Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Central Park» restorany dabaralary guramak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

12:3713.07.2023
0
23547

«Central Park» – dabaralary, durmuş toýlaryny, ýubileýleri, işewürlik oturlyşyklaryny (korporatiwleri) we beýleki çäreleri geçirmek üçin örän amatly ýerdir. 100 adamlyk ajaýyp zal islendik dabarany şowhunly geçirmek üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilendir.

Dabaralary geçirmekde hyzmatyň we saçagyň bezeginiň dürli görnüşleri mümkindir, şeýle-de bolsa, islendik ýagdaýda, taýýarlanan tagamlaryň hili, içgileriň dogry düzülen sanawy, hyzmatyň derejesi we zalyň bezeg aýratynlyklary esasy üns merkezinde bolar.

Şeýle hem müşderilere dabara üçin ussat alypbaryjylary, DJ-leri, artistleri we sazandalary saýlamaga kömek etmek mümkinçiligi bardyr. Şeýle hem restoranyň türkmen paýtagtynyň merkezinde ýerleşýändigi we bu ýerden Aşgabadyň gözel ýerlerine ajaýyp görnüşiň açylýandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Myhmanlara restoranyň ýokary hünär derejeli işgärleri hyzmat edýärler. Aşpezler we ýokary derejeli ofisantlar dabara gatnaşyjylaryň ählisine tagamly naharlary hödürlärler hem-de yhlas bilen hyzmat eder.

Dabaralary geçirmegiň nyrhy onuň görnüşine görädir.

«Central Park» restoranynyň salgysy: 10 Ýyl Abadançylyk (öňki Moskowskaýa) köç., «Altyn Asyr» söwda merkezi («Bäş aýak»).

Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 64) 17 59 59.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň