Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Şu ýyl günorta etraplarda gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 34», «S — 2606», «F — 123» ýaly sortlarynyň ekilmegi irki hasylyň emele gelmegine şert döredýär. Häzir günsaýyn hasylyň alamatlarynyň köpelmegi gowaçanyň ideginiň ýetikdigini görkezýär. Welaýatyň etraplarynda bar bolan biofabriklerde, biobarlaghanalarda zyýankeşlere garşy ulanylýan möjejikleri öz wagtynda janlandyrmak işi ýola goýuldy. Bu işlere jogapkär hünärmenler daýhanlar bilen gowaçaly meýdanlary gözden geçirýärler. Gowaçalaryň hatar aralary ýumşadylanda, kultiwator güllere zyýan ýetirmez ýaly, olara polietilen haltalar geýdirilýär.
Welaýatyň çäginde bar bolan üç sany biofabrik bilen 130 sany biokärhananyň öndürýän «altyngözlüje» we beýleki peýdaly möjejikleri eýýäm köp ýerde ulanmaga taýýarlanyldy. Çünki bir gektar gowaça meýdanyndaky zyýankeşleri doly ýok etmek üçin «altyngözlüjäniň» bary-ýogy 300-siniň ýeterlikdigini aýtsak, bu usulyň artykmaçlygy has aýdyň görünýär.