Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde «Döwlet daragty» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy

23:0203.07.2023
0
34815

Şu gün Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Döwlet daragty» atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýnuň režissýory Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow boldy.

Bu sahna eseri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer», «Ömrümiň manysynyň dowamy» ýaly eserlerinde beýan edilýän wakalaryň hem-de gymmatly maglumatlaryň esasynda ýazyldy.

Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ilkinji gezek halk köpçüligine hödürlenen «Döwlet daragty» atly sahna eseri bäş bölümden ybarat bolup, olaryň her haýsynda bir taryhy döwrüň wakalary janlandyrylyp, olarda bu mukaddes toprakda ýaşan, döreden şahsyýetleriň döredijilik ykballary we olaryň manyly ömür ýoly barada söhbet edilýär.

Sahna eserini Atageldi Rejepgulyýew alyp barýar. Onuň birinji bölümi «Nesilbaşymyz Oguzhan» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde Oguzhanyň gadymy Yzgant obasynda oba-kent gurup, ogullary Gün hana, Aý hana, Ýyldyz hana, Deňiz hana, Gök hana, Dag hana Köpetdagyň sahawatly jülgesinde öý-ojak tutup, Oguz kowmunyň dünýä ýaýramagy hem-de parasatly pederleriň paýhasynyň dünýä ýaýylmagy baradaky ündew-pent edişi çeper suratlandyrylýar. Gadymy Oguz ojagynda tutulan uly toýuň dessurlary dünýä ýaň salýar.

«Binýat» diýlip atlandyrylan ikinji bölümde Beýik Seljuklar şadöwletiniň soltanlary Togrul begiň, Çagry begiň, Mäne babanyň, Alp Arslanyň çeper keşpleri merdana pederleriň Watan goragy üçin görkezen gahrymançylyklaryny giňden dabaralandyrylýar.

Sahna eseriniň üçünji bölüminde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda belli atşynas hem ahalteke bedewleriniň tohumynyň arassalygyny saklamakda, täze nesil ugurlaryny döretmekde nesillere nusgalyk işleri bitiren Aba seýisiň çeper keşbi janlandyrylýar. Onda milli seýisçilik dessurlarynyň ata-baba dowam edip gelýän ajaýyp milli ýörelgeleri aýdyň suratlandyrylýar.

Sahna oýnunyň dördünji bölüminde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda beýan edilýän taryhy wakalar, hususan-da, Beýik Ýeňşiň hoş habary bilen bagly wakalar, Berdimuhamet aganyň, Mälikguly aganyň gahrymançylyklary baradaky wakalar janlandyrylýar.

Täze sahnalaşdyrylan eseriň jemleýji bölümi Arkadag şäherinde täze açylyp ulanylmaga berlen döwlet drama teatra ady dakylan belli artist hem režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmämmedowyň döredijilik ýoluna bagyşlanýar. Onda belli artistiň döreden hem-de bir döwürde zähmet çeken kärdeşleriniň keşpleri janlandyrylýar.

«Döwlet daragty» atly sahna eserinde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew Oguz hanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwran Hojageldiýew Gün hanyň, Ýeňiş Ýazmyradow bolsa Aý hanyň, artistler Rahym Baýramow Ýyldyz hanyň, Süleýman Eminow Deňiz hanyň, Mekan Şyhlyýew Gök hanyň Hudaýberdi Annarajapow Dag hanyň keşplerinde çykyş edýärler.

Sahna eseriniň «Binýat» atly ikinji bölüminde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwlet Berdiýew Togrul begiň, Ýagmyr Gurbannazarow Çagryl begiň, Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow Mäne babanyň, artistler Ahmet Amandurdyýew Alp doganyň, Gunça Çommiýewa Alp doganyň aşygynyň keşplerini ýerine ýetirýärler. Bu bölümdäki köpçülikleýin sahnalarda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri çykyş edýärler.

Oýnuň üçünji bölüminde Didar Kowusow Ýigidiň, Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew Aba seýisiň, Yhlas Islamow Jarçynyň keşplerinde çykyş edýärler. Sahna eseriniň «Ýeňiş» diýlip atlandyrylan dördünji bölüminde Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew Berdimuhammet aganyň, Selbi Babyrowa Berdimuhammet aganyň aýalynyň, Leýli Allaýewa Owadanyň, Aman Ataýew Mälikgulynyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazdurdy Durdyýew bolsa Mody aganyň keşbine çykyş edýär.

Türkmenistanyň halk artisti, merhum Aman Gulmämmedowyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan sahna eseriniň jemleýji bölüminde Türkmenistanyň halk artisti Nury Allaberdiýew Aman Gulmämmedowyň, Gülnabat Abdullaýewa Dezdemonanyň, Merdan Nurmuhammedow Otellonyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Maksat Hydyrow Keýmir körüň, Aýsoltan Kowusowa Saçly Dursunowanyň, artistler Hezret Öwezow Allan aganyň, Sadat Orunowa Allan aganyň aýalynyň, Leýla Rahmanowa bolsa Geliniň, Aýmelek Batyrowa gyz çaganyň, Pälwan Baýlyýew uly oglunyň, Sapar Hydyrow kiçi talyp oglunyň, Agamyrat Saryýew agtygynyň, Artyk Artykow Şükür bagşynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Osman Güjemow Sahy Jepbarowyň, artist Magtymguly Gurbanow Nury Halmämmedowyň keşplerini janlandyrýarlar. Bu bölümde köpçülikleýin sahnalarda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary çykyş edýärler.

Tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan täze sahna eseriniň režissýorynyň assisentleri Merdan Handurdyýew, Ogulsenem Gurbandurdyýewa hem-de Parahat Ibragimowdyr. Oýnuň sahna we egin-eşik bezegleri Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow bilen Mekan Annamyradowa, yşyk bezegi bolsa Meleje Berdimyradowa, Gaýgysyz Gurbanowa we Parahat Bagdekowa degişlidir. Oýny saz bilen bezän Mekan Kakabaýewdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň