Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Kokand şäherinde geçiriljek halkara türki dilli ýaşlar festiwalyna gatnaşar

10:2403.07.2023
0
23150

11—15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynyň Fergana welaýatynyň Kokand şäherinde Halkara türki dilli ýaşlar festiwaly geçiriler. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň dürli sebitlerinden talyplar we ýaşlar gatnaşarlar diýip, «Ýangi Uzbekiston» gazetinde habar berildi.

Ýaşlar festiwalyny Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi TÜRKSOÝ bilen bilelikde guraýar. Onuň maksatnamasy dürli ýaryşlary, çykyşlary, duşuşyklary, mahabat çärelerini, taslamalary we beýleki çäreleri öz içine alýar.

Mundan başga-da, çärede kitap söýüjiler güni, dürli etnosportlardaky ýaryşlar, medeni we güýmenje çäreleri, ýaşlaryň işewürligini guramak, senetçilik önümlerini taýýarlamak boýunça tegelek stollar, meşhur teatr we kino işgärleri bilen döredijilik duşuşyklary geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýyldan başlap, Halkara türki dilli ýaşlar festiwalyny tomsuň ikinji aýynda her iki ýylda bir gezek geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň