Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

10:1403.07.2023
0
30304
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar
Surat: spb.aif.ru

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg oblasty Türkmenistanyň täze açylan Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli ýollan gutlag hatynda belleýär. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

— Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Ähli peterburglylaryň adyndan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň köpýyllyk netijeli işiňiz mähriban topraga jan aýaman hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Siziň parasatly syýasatyňyz netijesinde, häzirki günde Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Pursatdan peýdalanyp, Sizi abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açan täze «akylly» Arkadag şäheriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli gutlaýaryn.

Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň Hökümeti Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmek barada resminamalary taýýarlamak boýunça iş alyp barýar. Bu resminamalaryň doganlyk gatnaşyklaryň berk binýadyny goýjakdygyna, biziň şäherimiz bilen doganlyk Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we öňden gelýän dostlugy pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň