Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Astanada ÝHHG-niň Merkezi Aziýa boýunça adam söwdasyna garşy göreş bilen baglylykda okuw sapagy tamamlandy

15:4102.07.2023
0
29602

ÝHHG-niň maglumat berişi ýaly, 30-njy iýunda Astanada taryhda ilkinji gezek ÝHHG-niň adam söwdasyna garşy göreş bilen baglylykda sebit hünärmenleri üçin okuw sapagy tamamlandy. Merkezi Aziýanyň 5 döwletinden ýagny, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan hem-de Özbegistan 100 gowrak wekiller geçirilen bir hepdelik sapaklara gatnaşdy. Gatnaşyjy wekilleri topary hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhanalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenlerinden düzülendir.

Okuwyň maksady pudagara we serhetara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, gatnaşyjylaryň ilatyň iň ejiz gatlaklaryny goramak ugrundaky başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.

Okuw sapaklarynyň mowzuklary Merkezi Aziýada, esasanam Owganystandan gelýän uly göwrümli migrasiýa akymlary bilen baglylykda, adamlary mejbury zähmet we zorlukly jenaýatlara gönükdirmek ýaly jenaýat işleri alyp barýanlary jogapkärçilige çekmek üçin çäreleri güýçlendirmeklige bagyşlandy.

Pidakärleri dessin kesgitlemek we ýeterlik hem-de täsirli gorag mehanizmlerini üpjün etmek üçin hünärmenlere gerekli bolan gurallar bilen bagly meselä aýratyn üns berildi.

Okuw sapaklaryna gatnaşyjylar pudagara toparlaryň bir bölegi hökmünde bolup biläýjek ýagdaýlarda işlemäge mümkinçilik aldylar. Olar üçin pidalara gönükdirilen, şikesler baradaky maglumatlara, jyns taýdan duýgur we adam hukuklaryna esaslanýan çemeleşmeler işlenip düzüldi.

«Hödürlenen mümkinçilikler pudagara okuw sapaklaryna gatnaşmak arkaly iş ýüzünde gönüden-göni ulanyp boljak aragatnaşyk we başarnyklar ulgamyny döretmäge ýardam eder. ÝHHG-niň sebitde geçiren öňki okuwlary professional gatnaşyklary ýola goýmak we dürli guramalaryň arasynda maglumatlary alyşmak pidakärlere uly ýardam berýändigini, käwagt bolsa olary ekspluatasiýa ýagdaýlaryndan gönüden-göni halas edýändigini görkezdi» — diýip, ÝHHG-niň adam söwdasyna garşy göreşi boýunça ugrukdyryjynyň wezipesini ýerine ýetiriji Andrea Salwoni belläp geçdi.

Guralan okuw sapaklary Gazagystan Respublikasynyň Baş Prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky hukuk goraýjy edaralaryň Akademiýasy,
migrasiýa syýasatyny işläp düzýän Halkara merkez, ABŞ-nyň neşä garşy we hukuk goraýjylyk işleri bilen meşgullanýan halkara Býurosy, BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary Komissary hem-de ÝHHG-niň Merkezi Aziýada missiýalary bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

2016-njy ýyldan bäri ÝHHG-niň «Migrasiýa ugurlarynda adam söwdasyna garşy göreş» taslamasy 68 döwletden 2000-den gowrak wekilleriň gatnaşmagynda jemi 19 sany okuw sapaklaryny geçirdi. Bu taslama Irlandiýa, Italiýa, Fransiýa, Malta, Lihtenşteýn, Monako, Şweýsariýa hem-de ABŞ ýaly döwletler tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň