Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdylar

22:0024.06.2023
0
40406

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikde Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, ýurduň paýtagt şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menziliniň çäklerinde bar bolan täze desgalar, olaryň ähmiýetli aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýolbaşçysy D.Saburow häzirki zaman uçarlarynyň saklanýan desgalary, olaryň enjamlaşdyrylyşy hem-de uçarlara tehniki hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Düzümiň tehniki parkynyň üsti täze, häzirki zaman uçarlar bilen ýetirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagalla etmeginde ýurda iki sany «A330-200» kysymly ýük uçarlary gelip gowuşdy. Onuň Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidigini bellemek gerek. Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 7 sany uçaryň satyn alynmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutany häzirki zaman uçarlarynyň tehniki görkezijileriniň ýokary halkara talaplara laýyk gelýändigini, şunda degişli tehniki kadalaryň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarlaryň türgenleşik nokadyna baryp, ol ýerde geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin niýetlenen döwrebap, sanlylaşdyrylan ýörite türgenleşik tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny synagdan geçirdiler. Bu türgenleşik nokadynda ornaşdyrylan kämil kompýuterleşdirilen dikuçar tehnologiýasy degişli hünärmenleri taýýarlamakda döwlet Baştutanynyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň güwäsidir.

Dikuçary dolandyrmak üçin ähli enjamlary öz içinde jemleýän uçar kabinasy uçary herekete girizmekden başlap, asman giňişliginde uçaryň nähili dolandyrylmalydygy, uçary ýere gondurmagyň ugurlary babatda giň maglumatlar toplumyny berýär. Şundan ugur alyp, bu ýerde uçarmanlar hünär derejesini ýokarlandyrmaga uly şertlere eýe bolarlar. Olar geljekde diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, dünýä döwletlerine halkara howa gatnawlaryny amala aşyrmakda-da ussat hünärmenler bolup ýetişerler.

Şeýle-de iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň işewürlik we medeni dynç alyş merkeziniň emele gelýän demirgazyk böleginde Söwda we dynç alyş merkeziniň gurulýan ýerine bardylar. Bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän toplumlaryň taslamalary hem-de çyzgylary görkezildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy baradaky hasabatynyň çäklerinde Aşgabatda gurluşygy dowam edýän binalaryň we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen tanyşlygyň dowamynda olara birnäçe bellikler aýdyldy hem-de degişli düzedişler girizildi.

Şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologiýa meselesine aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda we dynç alyş merkeziniň bina edilýän ýeriniň gurluş aýratynlygyny, ýerasty suwlarynyň derejesini we zeý suwlaryny akdyrmagyň aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu tabşyrygy makullap, bu babatda degişli düzümleriň wekilleriniň bilelikdäki tagallalarynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi ýerasty suwlaryň binalaryň gurluşygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almakda aýratyn ähmiýetlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň