Soňky habarlar

Arhiw

«Eyyam Group» söwda nokatlary we ammarlar üçin stellaž ulgamlaryny hödürleýär

09:5817.06.2023
0
15287

Demir stellaž ulgamlaryny, howpsuzlyk şkaflaryny, demir gapylary hem-de beýleki demir önümlerini öndürmäge ýöriteleşen «Eyyam Group» hususy kärhanasy söwda nokatlarynda, dükanlarda, şeýle hem ammar gurşawlarynda harytlary ýygnamak üçin niýetlenen stellažlaryň täze görnüşlerini alyjylara ýetirýär.

«Eyyam Group» kärhanasynyň söwda edaralary üçin niýetlenen stellaž ulgamlary kebşirlemek usuly arkaly demirden taýýarlanyp, olarda harytlaryň — azyk harytlary, hojalyk himiýa we kosmetika serişdeleri, kitaplar, gurluşyk materiallary ýaly dürli görnüşlerini ýerleşdirmek göz öňüne tutulýar. Söwda zallary üçin tekjeler bolsa harytlaryň bahalaryny goýmaga niýetlenen bölekler bilen üpjün edilýär, gurluşyk materiallary üçin stellažlar hem ýokary berkligi bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem «Eyyam Group» kärhanasynyň önümleriniň hatarynda harytlary ýörite niýetlenen poddonlarda goýmak üçin göz öňüne tutulan pallet stellažlary hem bar.

«Eyyam Group» HK-niň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk şaýoly (ozalky Moskowskaýa), 211/A jaýy, «Altyn Asyr» işewürlik merkezi.

Habarlaşmak üçin: (+993 12) 47 82 90.

Elektron poçta salgysy: info@eyyamgroup.com

Kärhananyň resmi web saýty.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň