Mekdep okuwçylary eýýäm tomusky dynç alyşdan lezzet alýarlar, bu bolsa maşgala bolup wagty gyzykly pursatlara beslemegiň wagtynyň gelendigini aňladýar. Özboluşly oýun meýdançasy bilen tapawutlanýan «Soltan Loft» restorany hemmeleri ýakynlary bilen bilelikde wagtyny hoş geçirip dynç almaga çagyrýar.
«Soltan Loft» — ýaşajyk myhmanlar üçin her kimiň göwnünden turjak ägirt uly güýmenje meýdançasyna eýedir. Oýun awtomatlary, konstruktorlar, pyrlanýan hiňňildikler, dyrmaşylýan jaýjagazlar — bu ýerde gözel ýerleriň köpdügi haýrana goýýar.
Ýaşajyk oýunçyl çagajyklar bu ýerde hezil edip, şatlyk duýgularyna berlip ýadarlar, olaryň ene-atalary bolsa datly naharlardan we aýdyň söhbetdeşliklerden lezzet alarlar. Öz ýany bilen bu gyzykly zatlaryň bir bölegini alyp gitmek isleýänler üçin bolsa kiçijik oýunjak dükany bar, ondan islendik görnüşli sowgatlyklary tapyp bilersiňiz.
Edaranyň ýerleşýän ýeri: G. Kulyýew köçesi (ozalky Obyezdnoý), “Soltan” binasy, 72-nji jaý.
Habarlaşmak we stol bron etmek üçin telefon belgileri: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.