Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«GREENGO» we «AGG Lighting» dükanlary täze «Nilson» brendini hödürleýär

16:1727.06.2024
0
12768

«GREENGO» hem-de «AGG Lighting» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlary täze elektrik gurnama önümleriniň «Nilson» brendini hödürleýär.

Türkiýäniň «Nilson» kompaniýasy hemişelik, adaty bolmadyk, döwrebap, gaýtalanmajak diýen ýörelgelere kybap gelýän äheňde döredilen köp sanly rozetkalary, wyklýuçatelleri, çarçuwalary hem-de uzaldyjy simleri alyjylara ýetirýär.

«Nilson» brendiniň önümleri diňe bir ajaýyp dizaýny ýa dürli reňklere eýedigi bilen däl-de, eýsem bu bahadaky beýleki öndürijilerden şol hili rozetkalar we wyklýuçateller bilen deňeşdirilende möhüm tehniki artykmaçlyklara eýedigi bilen tapawutlanýar.

«Nilson» önümleriniň hemmesi ygtybarlylygyny we berkligini kepillendirýän halkara howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýär.

«GREENGO» we «AGG Lighting» yşyklandyryş enjamlarynyň dükanlary sizi täze «Nilson» brendiniň önümleri bilen tanyşmaga hem-de öýüňiz ýa-da ofisiňiz üçin amatly elektrik gurnama önümlerini saýlap almaga çagyrýar.

Habarlaşmak üçin:

«GREENGO» dükany

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Aýly Diýar» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 63) 60 06 22;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«AGG Lighting» dükany

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» binasy;
  • telefon belgileri: (+993 61) 60 06 22, (+993 61) 60 06 23;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň