Top.Mail.Ru

«Coddy» programmirleme mekdebi «RobloxStudio-da» 3D modelirlemek boýunça ussatlyk sapagyna çagyrýar

10:1616.06.2023
0
23487

«Coddy» çagalar üçin programmirleme mekdebi «RobloxStudio-da» 3D modelirlemek boýunça ussatlyk sapagyny geçirýär we ähli isleg bildirýänleri oňa gatnaşmaga çagyrar.

Krossplatforma oýun hereketlendirijisi bolan «Roblox Studio» bilen tanyşlygyň çäklerinde ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar kompýuter oýunlaryny işläp düzmekde güýçlerini synarlar we özbaşdak şeýle oýun döretmäge synanyşarlar, şeýle hem «LUA» ýokary derejeli programmirleme diliniň esaslary bilen tanşarlar.

Ussatlyk sapagynyň alypbaryjysy hökmünde Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uçurymy we «Coddy» mekdebinde «Roblox Studio» oýunlaryny döretmek boýunça mugallym Ýakup Mätiýew çykyş eder

Ussatlyk sapagyna 7-den 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary çagyrylýar. Çäre 23-nji iýunda 18-30-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat, «Berkarar» söwda merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi. Gatnaşmak üçin baha – 50 manat.

Orunlaryň sany çäkli. Ussatlyk sapagyna ýazylmak salgy, şeýle hem (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92 telefon belgileri arkaly amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň