Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Özbegistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw uçastoklary dörediler

10:5214.06.2023
0
20053

Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Özbegistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermek üçin ilçihanada aýratyn saýlaw uçastogynyň dörediljekdigini habar berdi. Aýratyn saýlaw uçastogy şu salgyda ýerleşer: Aşgabat şäheri, Görogly köçesi, 50-a.

Şeýle hem Türkmenabat şäherinde «Ýüpek ýoly» myhmanhanasynda (30-njy iýunda) we Daşoguz şäherinde «Daşoguz» myhmanhanasynda (28-nji iýunda) göçme saýlaw uçastoklary dörediler. Bu saýlaw uçastoklarynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan raýatlary raýatlyk hukuklaryny ulanyp, 9-njy iýulda geçiriljek Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses berip bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň