Türkmenistanda 2023-nji ýylyň iýun aýynyň başyna çenli, şu ýylyň ilkinji bäş aýynda berlen bank kartlarynyň sany 136 müň 959 birlik boldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň web sahypasynda berilýän maglumata görä, Türkmenistanda işjeň bank kartlarynyň sany boýunça «Daýhanbank» DTB öňdeligi eýeleýär.
Şeýlelikde, «Daýhanbank» 1 million 878 müň 547 bank kartyny berdi. Bu görkeziji boýunça ikinji orny «Türkmenistan» DTB (1 million 33 müň 140), üçünji orny «Halkbank» PTB (630 müň 60) eýeleýär.
«Daýhanbankyň» esasan Türkmenistanyň welaýatlaryndaky müşderiler bilen işjeň işleşýändigi bellenilýär. Şeýlelik bilen, bank kartlarynyň köpüsi Mary welaýatynyň (557 müň 368), Daşoguz welaýatynyň (463 müň 484) we Lebap welaýatynyň (420 müň 615) ýaşaýjylaryna berildi.
Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatda berlen plastik kartlaryň köpüsi sanawyň beýleki iki öňdebaryjysy — «Türkmenistan» we «Halkbank» banklaryna degişli bolup, olaryň görkezijileri, degişlilikde, 480 müň 737-ä we 228 müň 746-a deňdir.
Türkmenistandaky banklaryň 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli berlen bank kartlarynyň sany boýunça tertibi:
- «Türkmenistan» DTB — 1 033 140
- «Türkmenbaşy» PTB — 574 275
- «Halkbank» PTB — 630 060
- «Daýhanbank» DTB — 1 878 547
- «Senagat» PTB — 425 258
- «Türkmen-türk» PTB — 115 944
- «Rysgal» PTB — 171 633
- TDDYIB — 485 108
- Jemi — 5313965