Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda wenger dili öwrediler

12:4110.06.2023
0
41228

Ozal habar berşimiz ýaly, 9-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbany kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Wengriýanyň Premýer-ministriniň arasynda ikiçäk we giňeldilen düzümde duşuşyklar geçirildi.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesi barada belläp, Wengriýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ýaş türkmenistanlylaryň bilim almagyna döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Premýer-ministr Wiktor Orban ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar meselesine degip geçip, öz ýurdunyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň bilim alýandyklaryna örän şatdyklaryny belledi. Şunda Wengriýanyň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Wengriýanyň Premýer-ministri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde wenger dilini öwretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky tekliplerine ýokary baha berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Belläp geçsek, ozal habar berşimiz ýaly, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygy babatda 8 sany resminama gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň arasynda diplomatik taýýarlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň