Çalt garramagyň sebäpleri agzaldy

09:5906.06.2023
0
24550
Çalt garramagyň sebäpleri agzaldy
Surat: media.kpfu.ru

Makmaster uniwersitetiniň alymlary adamyň biologik garramagyny çaltlandyrýan sebäpleri kesgitlediler, ylmy-barlagyň netijeleri «The Journals of Gerontology Series A» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Barlaglarda 45-85 ýaş aralygyndakylaryň 1445-siniň epigenetiki maglumatlary öwrenildi. Netijede, depressiýadyr amatsyz şäher mähellelerinde ýaşaýanlaryň beýlekilere garanda, has çalt garraýandygyny mälim boldy.

Alymlaryň çaklamalaryna görä, göwnüçokgünlik sebäpli döreýän emosional stres ýokary biologik tapdan gaçma we fiziologik ulgamlaryň kadaly işiniň bozulmagyna eltip biler, bu bolsa öz nobatynda wagtyndan ir garramanyň sebäpleridir.

Durmuş amatsyzlyklary maşgalada we jemgyýetde sosial gorlaryň azlygyny görkezýär, maddy üpjünçiligiň ýetmezligi netijesinde adamlar amatly şertlere elýeterlilikden mahrum bolýarlar diýip, alymlar belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň