Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kenarynda syýahatçylary kabul etmek üçin ähli zat taýyn edildi, Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşyndaky bäsdeşleri mälim edildi we beýleki habarlar

11:1926.05.2023
0
29131

Türkmenistanda

1. Türkmenistanda «Awaza» MSZ-de dynç alyş möwsümi açyldy. Milli syýahatçylyk zolagynyň ähli kenarlary we myhmanhanalary suwa düşmek möwsümine taýyn ýagdaýdadyr. Deňizde tomusky dynç alşa taýýarlyk işleriniň ählisi tamamlandy. Täze möwsümiň başlanmagyna golaý jemagat hojalygy edaralarynyň we şypahanalaryň işgärleriniň uly iş alyp barandyklaryny bellemek gerek. Seýilgähleriň attraksionlary, sport desgalary, suw çüwdürimleri, ýüzülýän howuzlar we çägeli kenarlar taýýar edilip goýuldy.

2. Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň mirasy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna girizildi. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň eserler ýygyndysy 18-19-njy asyrlarda Türkmenistanda ýaýran 80-den gowrak diwany öz içine alýar. «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda döredilip, dünýäniň dokumental mirasyny gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.

3. Aşgabatda Mary welaýatyndan üç suratkeşiniň – Şöhrat Berdiýewiň, Gurbandurdy Terkeşewiň we Merdan Akmämmedowyň eserleriniň sergisi geçirilýär. Suratkeşleriň işleri Aşgabatdaky Sergiler merkeziniň iki gatyny eýeledi.

4. Rumyniýa Türkmenistanda geçiriljek Halkara tans we folklor festiwalyna gatnaşar. Bu mesele Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň Rumyniýanyň medeniýet ministri bilen duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 13-16-njy iýunda Türkmenistanda geçiriljek «Awaza 2023» halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmagynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

5. 25-nji maýda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin «soňky jaň» kakyldy. Dabaraly nyzam 2022-2023-nji okuw ýylynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy. Bu sene, gürrüňsiz, tolgundyryjy we ýatdan çykmajak zat hökmünde uçurymlaryň ählisiniň ýadynda galar. Baýramçylyk mynasybetli A.S.Puşkin adyndaky Bilelikdäki türkmen-rus mekdebinde hem dabaraly nyzam geçirildi. Bu ýyl uçurymlaryň 94-si bilim edarasy bilen hoşlaşdy. Uçurymlara baýraklar we Minnetdarlyk hatlary gowşuryldy. Olaryň arasynda rus dili we biologiýa dersleri boýunça döwlet olimpiadalarynyň ýeňijileri barada aýratyn durlup geçildi. Russiýanyň «Çeburaşka» kinofilminiň sahnalaşdyrylmagy, mekdebiň döredijilik gurnaklarynyň çagalarynyň gatnaşmaklarynda tans we aýdym çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dünýäde

6. Ilon Maskyň eýeçiligindäki «Neuralink» neýrotehnologiýa kompaniýasy eliň kömegi bolmazdan kompýuteri we smartfony dolandyrylmak üçin adamyň beýnisine çip ýerleşdirmek boýunça kliniki synaglara başlar. 2021-nji ýylda maýmynlaryň beýnisine çipleri ýerleşdirmek boýunça deslapky synaglar üstünlikli geçdi – synag edilen makaka joýstik ulanmazdan kursory ekranda hereketlendirmegi öwrendi.

7. Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynda iki sany saýlama «ýubari» tohumly gawun bäsleşikli söwdada (auksionda) 3,5 million iýene satyldy. «Ýubari» tohumly gawunlar hasylynyň ideal tegelek şekili, şetdaly reňkli näzik eti we gabygyň üstünde gür tor görnüşinde ýerleşen reňkli çyzgyzlary bilen tapawutlanýarlar. Olar Hokkaýdoda ýyladyşhanalarda örän az mukdarda ösdürilip ýetişdirilýär, topragyň düzüminde köp mukdarda wulkan külüniň bolmagy bolsa bu gawunlara aýratyn tagam berýär.

Sport habarlary

8. 26 – 27-nji maý aralygynda Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň oýunlary geçiriler. Bu duşuşyklar bilen Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawy tamamlanar, toparlar dynç alarlar we Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylary 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli aralykda Daşkentde we Bişkekde geçiriljek CAFA-2023 ýaryşyna taýýarlyk görerler.

9. Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň 2024-nji ýylda 23 ýaşa çenli ýygyndylaryň arasynda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň saýlama ýaryşyndaky bäsdeşleri mälim edildi. Penşenbe güni Kuala-Lumpurda ýaryşyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijelerine görä, Türkmenistanyň milli ýygyndysy «K» toparça düşdi we toparçadaky Indoneziýanyň we Taýwanyň toparlary bilen duşuşyk geçirer. Toparçalaryň ýeňijileriniň, şeýle hem ikinji orny eýelänleriň arasynda iň oňat dört toparyň indiki ýyl Katarda geçiriljek Aziýanyň Kubogynyň jemleýji tapgyryna gatnaşjakdyklaryny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň