Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulynyň goşgulary ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna girizildi

13:1325.05.2023
0
25138

Çarşenbe güni ÝUNESKO özüniň «Dünýä hatyrasy» maksatnamasyna 64 dokumental ýygyndynyň goşulandygyny yglan etdi. Sanawda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy hem bar.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda onuň XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Munuň özi türkmen halkynyň we dünýäniň bütin türki dilli halklarynyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň edebiýatynyň dilden we ýazmaça mirasynyň seýrek nusgasydyr. Magtymgulynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň senasy ýaly ýaňlanýar.

ÝUNESKO-nyň habaryna görä, ýygyndy ýakyn garyndaşlary, obadaşlary, şahyrlar, alymlar, şeýle hem bagşylar tarapyndan Magtymgulynyň asyl golýazmalaryndan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat. Ýygyndyda şahyryň häzirki wagtda Daşkent, Sankt-Peterburg, London, Budapeşt, Stambul gaznalarynda saklanýan golýazma eserleriniň göçürmeleri hem bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişlidir.

«Dokumental miras adamzadyň umumy hatyrasydyr. Ol ylmy derňew maksady bilen goralmaly we mümkin boldugyça köp adama elýeterli bolmaly. Bu biziň kollektiw taryhymyzyň esasy bölegidir» diýip, ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, «Dünýä hatyrasy» Sanawyna täze ýygyndylar 56 ýurtdan geldi we häzirki wagtda sanawdaky ýygyndylaryň umumy sany 494-e ýetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň