Soňky habarlar

Arhiw

«Awaza-2023» halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmak mümkinçiligine seredildi

20:0924.05.2023
0
22932
«Awaza-2023» halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmak mümkinçiligine seredildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Rumyniýanyň medeniýet ministri Luçian Romaşkanu bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 23-nji maýda bolan duşuşygyň başynda türkmen tarapy myhmansöýerligi hem-de Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge ýardam bereni üçin rumyn tarapyna hoşallyk bildirdi.

Taraplar medeni ulgamda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler. Hereket edýän ikitaraplaýyn medeni hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň bilelikdäki çäreleri, şol sanda, birek-birekde Medeniýet günlerini geçirmäge oňat esas bolup durýandygyny aýtdylar.

Söhbetdeşler medeni diplomatiýanyň okgunly ösdürilýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň bir bölegi bolup durýandygy barada umumy pikiri beýan etdiler. Şeýle hem olar şu ýylyň 13 — 16-njy iýunynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek «Awaza-2023» halkara tans we folklor festiwalyna rumyn tarapynyň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň