BMG Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady

17:3824.05.2023
0
22775

Birleşen Milletler Guramasy dünýä jemgyýetçiliginden Afrika ýurtlaryna kömek üçin 7 milliard dollar sorady diýip, «Habar 24» ýazýar.

Guramanyň bahalandyrmasyna görä, häzir yklymda 21 million adam azyk goldawyna mätäçdir. Olar Somalide, Efiopiýada, Eritreýada we Jibutide ýaşaýar. Bu döwletleriň çägindäki guraklyk 18 million adama täsir etdi we soňky 40 ýylda iň uzaga çykan guraklyk boldy.

Halkara halas ediş komitetiniň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça direktory Şaşwat Saraf bu barada şeýle diýýär: - Biz maliýe serişdeleriniň uruglara gowuşjakdygyny, suw guýularyny dikeltmäge, tapdan düşen çagalary bejermäge ýetjekdigini kepillendirýäris. Biz şeýle-de maşgalalaryň bu guraklyga garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin has köp serişdeleriň bölnüp berilmegini isleýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň