Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda banklaryň internet-bank ulanyjylarynyň sany boýunça reýtingi çap edildi

16:3323.05.2023
0
34794

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň maý aýynyň başyna Türkmenistanda internet-bank hyzmaty boýunça hasaba alnan ulanyjylaryň arasynda öňdebaryjy «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky boldy.

Düzgünleşdirijiniň habaryna görä, «Daýhanbankda» bu hyzmat boýunça hasaba alnan 359 müň 255 ulanyjy bar. Ikinji ýerde «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky (315 müň 968 ulanyjy), üçünji ýerde «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky (169 müň 745 ulanyjy) bar.

Türkmenistanyň Merkezi bankyň hasabatyna görä, «Daýhanbank» esasan Türkmenistanyň welaýatlaryndaky müşderiler bilen işleşýär. Şeýlelik bilen, ulanyjylaryň köpüsi Mary (142 müň 761), Lebap (80 müň 653) we Daşoguz (57 müň 959) welaýatlaryndan hasaba alnypdyr.

2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli internet-bank hyzmatyna görä hasaba alnan ulanyjylaryň sany boýunça Türkmenistandaky banklaryň reýtingi:

  • «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky — 359,255;
  • «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky — 315,968;
  • «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky — 169,745;
  • «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky — 75,459;
  • «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky — 39,534;
  • Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky — 9,817;
  • «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky — 4 531.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň