Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlary açyldy

22:4722.05.2023
0
26830

Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Oguz han we H.Ökdirow köçeleriniň çatrygynda gurlan 1 sany 32 öýli we 1 sany 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, dabara Aşgabat şäheriniň häkimi, paýtagtyň il sylagly ýaşululary we ak gyňaçly mährem eneleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de köp sanly ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Täze jaýlaryň açylyş dabarasyna gatnaşyjy myhmanlar ilki bilen «Serpaý» folklor toparynyň ýörite taýýarlan şowhunly aýdym-sazly, tansly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Şol pursatlarda dürli reňkli şarlar asmana uçuryldy.

Dabaraly çäräniň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şeýle-de täze ýaşaýyş jaýyndan öý almak bagtyna eýe bolan bagtyýar ýaşaýjylar çykyş etdiler hem-de raýatlaryň bagtyýar durmuşy barada edilýän aladalar, alnyp barylýan giň gerimli işler barada buýsançly belläp, şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmeginiň gözbaşynda duran Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny, hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Şeýle-de açylyş dabarasynda söz sözlänler täze jaýlardan öý almak bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalary jaý toýlary bilen gyzgyn gutladylar.

Bagtyýar maşgalalara täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bu ajaýyp wakanyň iň täsirli, ýatda galyjy pursatlaryna beslendi. Soňra döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Açylyş dabarasyna gatnaşyjy myhmanlara dürli naz-nygmatlar, toý pişmeleri hödür edildi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň sazçylyk sungat mekdebiniň deprekçiler, «Ak mermer» folklor, şeýle hem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Jaý toýy» we «Galpak toýy» sahnalarynyň görkezilmegi, ýaşaýyş jaýlarynyň öňündäki çagalar meýdançasynda şadyýan körpeleriň milli oýunlary oýnaýan pursatlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Soňra dabara gatnaşyjy hormatly myhmanlar döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleriň otaglaryna aýlanyp, olarda döredilen hemmetaraplaýyn amatly şertler bilen tanyşdylar. Döwrebap derejede ýaşamak üçin ähli zerurlyklar bilen üpjün edilen täze jaýlar Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň