Türkmen wekiliýeti Bangkok şäherinde UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

14:5321.05.2023
0
26296

Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahban bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilişine görä, taraplar Türkmenistan bilen UNESCAP-yň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, UNESCAP tarapyndan geçirilýän tematiki konferensiýalara türkmen hünärmenleriniň işjeň gatnaşmagyny dowam etdirmek barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, Armida Salsiah Alisjahban BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşan türkmen wekiliýetine geljekde sebitdäki suw meselelerini oňyn çözmek boýunça çözgütleri taýýarlamagy teklip etdi we UNESCAP-yň bu ugurda Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň