Soňky habarlar

Arhiw

«TM Trade» onlaýn platformasy şahsy web-sahypasyny döretmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

17:2617.05.2023
0
33643

«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy saýtyň çäklerinde hususy web-sahypaňyzy döretmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Şeýle hyzmaty sargyt eden ýagdaýynda platformanyň ulanyjysy lending görnüşinde web-sahypasyny – kompaniýa, onuň işi we aragatnaşyk maglumatlary (işjeň salgy görnüşinde) barada ähli zerur maglumatlary, fotobezegleri we ýerleşýän ýerini suratlandyrýan anyk kartany öz içinde saklaýan bir sahypalyk saýty alýar.

Uly platformanyň çäklerindäki aýratyn web-sahypasynyň formaty kompaniýanyň işini, önümlerini ýa-da hyzmatlaryny ilerletmek üçin täsirli we özüne çekiji guraldyr.

«TM Trade» platformasynda şahsy web-sahypasyna geçiş mahabat banneri, şeýle hem kompaniýanyň nyşany (logotipi) görnüşindäki salga basmak arkaly amala aşyrylyp bilner.

«TM Trade» platformasynda şahsy web-sahypasyny sargyt etmek üçin (+993 62) 06 81 81 we (+993 63) 73 87 46 telefon belgilerine, şeýle hem şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (öňki Çehow) köç., 157-A, «Telekeçi söwda merkezi» binasy.

Elektron poçta salgysy: info@trade.com.tm

«TM Trade» platformasynyň sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň