Arhiw

«TM Trade» onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

10:0015.04.2023
0
39260

«TM Trade» bitewi söwda platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça onlaýn hyzmatlaryny hödürleýär.

«TM Trade» – bu kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giň köpçüligi öz iş ugurlary bilen tanyşdyrmak, haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyrmak, täze hyzmatdaşlary, müşderileri hem-de haryt bilen üpjün edijileri tapmak üçin amatly we ýeňil usuldyr.

Ulgamyň hödürleýän hyzmatlary kompaniýanyň şahsy profilini ýa-da web-sahypasyny döretmegi, şeýle hem «TM Trade-de» mahabat bannerlerini hem-de satyn almak we satmak üçin bildirişleri ýerleşdirmegi öz içine alýar.
trade.com.tm internet-platformasyny döredenler üçin «TM Trade» usulynyň täsirli we amatly bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin hem hyzmatlaryň we önümleriň sanawy 20-den gowrak kategoriýalara bölünendir, kärhanalar bolsa iş ugurlary we sebitler boýunça tapawutlandyrylyp, olaryň gysgaça maglumatlary we suratlary ýerleşdirilendir.

Mundan başga-da, saýt 4 dilde – türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde elýeterlidir, bu bolsa onuň hereket edýän çäginiň ulalmagyna täsir edýär.

«Biziň söwda platformamyz – bu täze nesliň telekeçileri üçin niýetlenen işewürlik maglumatnamasydyr. Biz daşary ýurtlarda işewürligi ösdürmäge we araçylar bolmazdan gönüden-göni sargytçylary hem-de önüm öndürijileri tapmaga ýardam edýäris» diýip, «TM Trade-iň» wekilli belläp geçdi.

Onlaýn-hyzmat «iOS» we «Android» ulgamlary üçin niýetlenen ykjam programmalarda hem elýeterlidir.

«TM Trade-iň» hyzmatlary barada has anyk maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (Çehow) köç., 157A, «Telekeçi söwda merkezi» binasy;
  • e-mail: info@trade.com.tm;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň