Arhiw

«TM Trade» söwda platformasyndan indi mobil goşundy arkaly peýdalanyp bolýar

10:1604.05.2023
0
36117

«TM Trade» mobil goşundysy AppStore hem-de Google Play internet dükanlarynda elýeterli boldy.

Bu elektron söwda platformasy iş ugruna ýa-da gerimine garamazdan, islendik kärhanalara we kompaniýalara özüni tanatmaga, şeýle-de Türkmenistanyň çäginden hem-de daşary ýurtlardan alyjylary tapmaga mümkinçilik berýär.

«TM Trade» hyzmaty — bu ýaş telekeçilere öz işlerini ýola goýmaga we ilerletmäge, ýokary tejribeli işewürlere bolsa söwda işini has-da giňeltmäge şert döredýän häzirki zaman guraldyr.

«TM Trade» hyzmatynyň müşderileri onlaýn-platformanyň katalogynda öz telekeçilik işleri babatda işiň görnüşi, telefon belgileri, salgylary we fotosuratlary ýaly maglumatlary, bildirişleri we aksiýalary ýerleşdirip bilýärler.

Bu günki günde «TM Trade» platformasynda 500-den gowrak kompaniýa we 4000 görnüş önüm barada maglumatlar bar.

«TM Trade» platformasynyň hyzmatlary baradaky ähli zerur maglumatlary şu telefon belgileri arkaly almak bolýar: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46.

Habarlaşmak üçin salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi (Çehow), 157 А jaýy, «Telekeçi» söwda merkeziniň binasy;
  • elektron poçta salgysy: info@trade.com.tm;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • resmi web saýty: trade.com.tm.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň