Soňky habarlar

Arhiw

«Senagat plastik» kärhanasy plastik poddonlaryň dürli görnüşlerini öndürýär

12:1122.04.2023
0
57399

«Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň telekeçilerine we senagatçylaryna basyş astynda guýma usuly arkaly öndürilen dürli görnüşdäki plastik poddonlary hödürleýär.

«Senagat plastigiň» plastik poddonlary azyk senagatynda — azyk önümlerini gaplamak we eltip bermek, nebit-gaz we gurluşyk pudaklarynda — agressiw ýa-da çyglylyga duýgur himiki serişdeleri sortlamak hem-de saklamak üçin giňden ulanylýar. Şeýle-de poddonlar aýratyn şertleri talap edýän lukmançylyk önümlerini daşamak we saklamak üçin hem peýdalanylýar.

Basyş astynda guýma usuly arkaly öndürilýän önümlerde ýokary hili gazanmak başardýar: «Senagat plastigiň» poddonlary çyglylyga ýa-da howanyň aşa guraklygyna durnukly bolup, suwy we ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýär, +50-den -40 gradusa çenli aralykdaky temperatura çydamly bolýar. Berk hem-de ygtybarly plastik poddonlar 8 müň kilograma çenli agyrlygy götermäge ukyplydyr.

«Senagat plastik» kärhanasynyň önümçiligi ýerli kanunçylyga laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr, şeýle-de olar ISO 9001:2015, ISO 14001:2015, ISO 45001:2018 halkara şahadatnamalaryna eýedir.

«Senagat plastik» kärhanasy türkmen bazarynda 2018-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Kärhananyň kuwwatlygy bir ýylda 480 müň poddon öndürmäge ukyplydyr.

Kärhananyň önümleri bilen gönüden-göni kärhananyň ýerleşýän ýerine baryp tanşyp bilersiňiz: Balkan welaýaty, Türkmenbaşy etraby, Garaşsyzlyk köçesi, 11A binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 243) 7 99 64, faks (+993 243) 7 99 68.

Şeýle-de kärhananyň senagatplastik.com salgyly web saýtyndan önümçilik baradaky maglumatlar bilen tanşyp hem-de önümleriň sanawyny ýükläp alyp bolýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň