«TM Trade» onlaýn-platformasy mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär

11:3713.05.2023
0
53562

«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy Türkmenistandaky telekeçilere we işewürlere saýtyň baş sahypasynda mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär.

Internetdäki mahabat banneri kompýuter grafikasy usulynda ýa-da fotosurat kollažy görnüşinde ýerine ýetirilen, animasiýa ýa-da hereketsiz şekildir. Bannerde kärhananyň potensial müşderilere hödürlemäge taýyn önümi ýa-da hyzmaty şekillendirilýär. Mundan başga-da, bannerde, adatça, kompaniýalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirilýär, oňa basylanda bolsa mahabatçynyň saýtyna ýa-da onuň sosial ulgamdaky sahypasyna girmek bolýar. Banner ajaýyp mahabat guralydyr – ol özüne çekiji we kabul ediş üçin düşnüklidir.

«TM Trade» onlaýn söwda platforma jemgyýetiniň agzasy bolan müşderilerine dürli görnüşli onlaýn-bannerleri bermäge taýyndyr. «TM Trade-iň» baş sahypasynda ýerleşýän bannere basylanda, platformanyň içinde kompaniýanyň sahypasyna geçiş amala aşyrylýar.

«TM Trade» barada ähli maglumatlar, türkmen, rus, iňlis we türk dillerinde ulanyjylar üçin elýeterlidir, munuň özi işewür hyzmatdaşlygyň geografiýasyny has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. «TM Trade» platformasynyň iş stoly nusgasyndan başga-da, «App Store» we «Google Play-de» göçürip almak üçin elýeterli bolan ykjam programmasy hem bardyr.

«TM Trade» hyzmatlary barada has giňişleýin maglumat almak şu telefon belgilerine üçin jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 06 81 81, (+993 63) 73 87 46. Salgysy: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow (Çehow) köç., 157 A, «Telekeçi söwda merkezi» binasy.

Elektron poçta: info@trade.com.tm

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň