Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde 28-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçiriler. Milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, olara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly atlar dakylar.
Aşgabatda «Türkmeniň halysy – türkmeniň kalby» atly türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň XXIII mejlisini, şeýle hem ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertini geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu täsin sungatyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip gelýän halkyň milli buýsanjydygyny belledi hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.