Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2023-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;
ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;
bu taslamalary taýýarlamak üçin, hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.