Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün — saparynyň ikinji güni Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy.
«Howar» milli habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda ýola goýlan strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar oba hojalygy, senagat, maýa goýum, syýahatçylyk, medeniýet, ulag-logistika we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça-da maslahatlaşdylar.