Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň weteranlaryna sowgatlar gowşuryldy

11:2508.05.2023
0
25949

Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde Lebap welaýatynda uruş weteranlaryna we olaryň yzynda galyp, gowgaly ýyllarda zähmet edermenliginiň beýik nusgasyny görkezen enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylýar.

Geçen asyryň gowgaly wakalaryndan sag-aman baş alyp çykyp, bu gün aramyzda ýaşap ýören gahrymanlarymyzyň birine Iwan Agupow diýýärler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. 1944-nji ýylda goşunyň hataryna meýletinlik bilen goşulanda, ol bary-ýogy 17 ýaşyndady.

Iwan Wasilýewiç Hytaýyň Harbin welaýatyny ýapon goşunlaryndan halas etmek ugrundaky jeňe hem gatnaşýar.

Uruş tamamlanandan soň hem harby gullukda bolan weterany ykbal Türkmenistandan, has takygy, Serhetabat sebitlerinden çykarýar. Bu ýerden Ýolötene geçirilen I.Agupow harby gulluk borjuny häzirki Türkmenabat şäherinde tamamlap, bu mähriban şäheriň hemişelik ýaşaýjysyna öwrülip galyberýär.

Gündogar sebitdäki weteranlaryň ýene biri Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde ýaşaýar. Häzir 97 ýaşy arka atan Işbaý Jollyýew 1944-nji ýylda goşun hataryna çagyrylanda, ýaňy 18 ýaşyny doldurypdy.

Işbaý aga ýeňşi Berlinde garşylan gerçekleriň biri. Berlinden gelip hem Hytaý we Mongoliýa topraklaryny ýapon çozuşlaryndan goramaga gatnaşdy. Şeýlelikde, onuň ykbalyny bir däl, iki ýeňiş bezeýär.

Hormatly dynç alşa çykýança oba hojalyk işlerinde işlän Işbaý aga bu gün 40-a golaý agtygyň, 20-ä golaý çowlugyň bagtyýar atasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň