Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Owganystanda ynsanperwerlik çäresini geçirdi

12:5005.05.2023
0
42910
Türkmenistan Owganystanda ynsanperwerlik çäresini geçirdi
Surat: mfa.gov.tm

Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup, 2016-njy ýylda ulanmaga berlen 20 orunlyk çaga dorgulýan öýünde ynsanperwerlik çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsullygy tarapyndan guraldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Belläp geçsek, türkmen tarapy ýaňy-ýakynda bu saglyk öýünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi. Bu ynsanperwerlik çäresi hem şol abatlaýyş işleriniň çäginde guraldy. Onuň dowamynda saglyk öýüne zerur bolan derman we lukmançylyk serişdeleri-de ynsanperwerlik kömegi hökmünde gowşuryldy.

Hyrat welaýatynyň hem-de Turgundy şäherçesiniň ýerli häkimiýet, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri hem-de owganystanly türkmenler, «World Vision» halkara guramasynyň Hyratdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hem çärä gatnaşdy. Myhmanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana berýän yzygiderli ynsanperwer kömekleri üçin hoşallyk bildirdiler.

Çärede Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat ş.) Baş konsuly çykyş edip, Türkmenistanyň daşary syýasatynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň aýratyn orny barada, şeýle-de dostlugyň nyşany hökmünde owgan halkyna yzygiderli berilýän ynsanperwerlik kömekleri we geljekde meýilleşdirilýän işler barada aýtdy.

Çäreden soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň käbesi Ogulabat ejäniň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp sadaka berildi. Sadaka Turgundy şäherçesiniň we oňa golaý ýerleşen obalaryň oba geňeşleriniň ýolbaşçylary, dürli milletleriň abraýly oba ýaşululary gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň