Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylar «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň soňky gazananlary bilen tanyşdylar

14:1704.05.2023
0
39275

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly ikinji halkara maslahatda eden çykyşynda öz beýanyny tapdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda halkara maslahat öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam etdi.

Agentligiň ýolbaşçysy söwda we logistika pudagynda sanlylaşdyrmagyň soňky mümkinçilikleri barada çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda maglumat sanly çeşmeleriniň ösmegi bilen döwlet gurluşlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, internetiň mümkinçilikleri bilen ilata edilýän hyzmatlary gowulandyrmak üçin köp işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatlaryny ösdürmekde we elýeterlilikde häzirki zaman çemeleşmeleri işjeň durmuşa geçirýän «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasy hem düýpli işleri alyp barýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy şu barada aýdyp, häzirki wagtda ýurduň ilatynyň ep-esli bölegi tarapyndan ulanylýan «Türkmenpoçta» aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän «Çapar» köpugurly mobil programmasyna ünsi jemledi.

Bu günki günde Türkmenistanyň raýatlary «Çapar» goşundysy arkaly TIIM-niň PÝGG-niň jerimeleriniň, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň, kabel telewideniýesiniň töleglerini geçirmek, şeýle-de poçta ýollamasyny ugratmak, agyz suwuny sargyt etmek we başga-da köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.

Bulardan başga-da, mobil goşundy howa menzilleriniň, restoranlaryň, dükanlaryň we beýleki guramalaryň hem-de edaralaryň telefon belgilerini özünde jemleýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň