Türkmenistanda «Türkmenpoçtanyň» sowal-jogap telefon liniýasy hereket edýär

11:0101.05.2023
0
35792

Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin «Türkmenpoçtanyň» bitewi sowal-jogap telefon liniýasy gije-gündiziň dowamynda elýeterlidir. Poçta kompaniýasynyň ähli hyzmatlary barada maglumat almak üçin maglumat gullugynyň 075 belgisine jaň edip bilersiňiz.

«Sowal-jogap telefon liniýasynyň» esasy wezipesi içerki we halkara poçta ibermeleri (nyrhlar, ýollamalaryň ýerleşýän ýerini yzarlamak we ş.m.), şeýle hem ýerli gazet-žurnallar bilen baglanyşykly meseleleri düşündirmekden ybaratdyr.

075 telefon belgisine jaň edip, «Türkmenpoçta» kompaniýasy tarapyndan döredilen «Çapar» ykjam programmasynyň işi barada hem möhüm maglumatlary almak mümkindir.

Ýatlatsak, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy şu ýylyň aprelinde özüniň 30 ýyllygyny belledi. Şol döwrüň dowamynda «Türkmenpoçta» özüni Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň öz ýollamalaryny ynanýan ygtybarly gullugy hökmünde tanatdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň