Turkmenportal logo
13.04.23
7673976739
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Belet Film» we «Älem TV» hyzmatlaryna indi «Çapar» goşundysy arkaly töleg edip bolýar
«Belet Film» we «Älem TV» hyzmatlaryna indi «Çapar» goşundysy arkaly töleg edip bolýar

«Çapar» mobil goşundysynyň kömegi bilen indi Türkmenistanyň raýatlary «Belet Film» onlaýn-kinoteatry we «Älem TV» hemra aragatnaşygy esasyndaky teleýaýlym hyzmatlaryna ýeňil hem-de tiz töleg geçirip bilerler.


«Çapar» — bu peýdalanylýan köp sanly hyzmatlar üçin amatly we islendik ýerde töleg geçirmek mümkinçiligidir.


«Çapary» ulanyjylar töleg geçirmegiň şu hili usullaryny saýlap bilýärler:


  • «Altyn asyr» bank karty arkaly tölemek;
  • Ykjam telefon arkaly TMCell hasabyndan töleg geçirmek.


«Çapar» goşundysyny işläp düzen «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy mobil goşundysynyň mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de kämilleşdirmek babatda işleri dowam etdirýär. Bu günki günde Türkmenistanyň raýatlary «Çapar» goşundysy arkaly TIIM-niň PÝGG-niň jerimeleriniň, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň, kabel telewideniýesiniň töleglerini geçirmek, şeýle-de poçta ýollamasyny ugratmak, agyz suwuny sargyt etmek we başga-da köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp bilýärler.


Bulardan başga-da, mobil goşundy howa menzilleriniň, restoranlaryň, dükanlaryň we beýleki guramalaryň hem-de edaralaryň telefon belgilerini özünde jemleýär.


«Çaparyň» ýetirýän oňaýly hyzmatlaryna goşundyny «Google Play» we «App Store» internet dükanlaryndan ýükläp alyp baha berip bilersiňiz.