«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahat 4-nji maýda öz işini ugurdaş mejlisler arkaly dowam eder. Olaryň gün tertibine söwda we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ulag-logistika düzümleriniň ösdürilmeginde döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň orny, şeýle hem innowasion tehnologiýalar, ulag ulgamynda ylym we bilim ýaly möhüm ugurlar, bu pudaklarda halkara gatnaşyklary ösdürmek ýaly meseleler giriziler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar habar berildi.
Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde «Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän «CASCA+ multimodal ulag ugry» taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyk meýilleşdirilýär.
Şeýle hem hyzmatdaşlygyň berkidilmegine, onuň netijeli görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyna, ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine sebitleýin, ählumumy çäreleriň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.