Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew «Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň arasynda Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça Bilelikdäki konsultatiw topary döretmek baradaky Ähtnamany» tassyklaýan Karara gol çekdi.
Bu barada Azerbaýjan döwletiniň Baştutanynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Karara laýyklykda, Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrligine özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň güýje girmegi üçin zerur bolan içerki işleriň tamamlanandygy barada türk Hökümetine habar bermek tabşyryldy.
Ýatlap geçsek, bu Ähtnama 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde gol çekilipdi.