Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Ýaponiýa bilen ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

21:1027.04.2023
0
44382

27-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiew Ýaponiýa saparynyň çäginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary departmentiniň başlygy Hirosawa Masaýuki, agentligiň ynsanperwer ösüş we ýokary bilim bölüminiň müdiri, şeýle hem agentligiň ýokary okuw mekdepleri bilen iş salyşýan müdiri Daýsuke Ueda bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşi bilen baglanyşykly birnäçe meselä garadylar diýip, TDIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan başga-da, ýapon tarapy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyny enjamlaşdyrmak we ýokary okuw mekdebiniň çäginde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygyk agentliginiň (JICA) gatnaşmagyna innowasiýa merkezini döretmek bilen baglanyşykly meselelere garamaga çagyryldy.

Şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň alyş-çalyş meselelerine aýratyn üns berildi. Jumamyrat Gurbangeldiýewiň belleýşi ýaly, dürli ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary we mugallymlary Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlygyk agentliginiň (JICA) tarapyndan guralan okuw saparlarynda bu ýurda baryp gördüler hem-de türkmen ýokary okuw mekdeplerinde bilim işinde toplanan tejribäni üstünlikli durmuşa geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň