BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Amyderýa goraghanasyna baryp gördi

20:3927.04.2023
0
28888
BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Amyderýa goraghanasyna baryp gördi
Surat: UNDP sosial ulgamlary

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Lebap welaýatyna iş saparynyň çäginde Dänew etrabynda Amyderýa döwlet goraghanasyna baryp gördi.

Goraghananyň administrasiýasy bilen geçirilen duşuşykda onuň çäginde okuw merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, BMGÖM-iň sosial ulgamlarynda habar berilýär.

Saparyň dowamynda Narine Saakýan agaç nahalyny oturtdy we UNDP-iň goldawy bilen zaýalanan öri meýdanlaryny dikeltmek üçin guruljak nahal şitilhanasynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşdy.

Mundan ozal Lebapda suw diplomatiýasy boýunça seminaryň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň