Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen atşynaslary hormatly at bilen sylaglandy

21:5726.04.2023
0
31285

Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, şu raýatlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy:

  • Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri Hydyrguly Hojamberdiýewiç Öwezowa;
  • «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň müdiri Aýdogdy Açylowiç Rowşanowa;
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Bäşimdurdy Şadurdyýewe;
  • Balkan welaýatyndan hususy atşynas Allaberdi Allaberdiýewe.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň