Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş» käninde gazyň gory 27,4 trillion kub metre deňdir

16:2126.04.2023
0
56770

Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda halkara göçme forum öz işine başlady.

Ýurduň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonnadan gowrak nebit barabarlygynda ölçenilýär, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gaz. Bu barada Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow forumda eden çykyşynda belledi. Bu barada «Oilgas» habar berýär.

Bu sanlara laýyklykda, bu günki gün Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, dünýäde dördünji orny eýeleýär diýip B.Amanow aýtdy.

«Türkmengaz» DK-nyň başlygy Türkmenistanda ykdysadyýetde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýan kuwwatly serişde binýadynyň bardygyny aýratyn belledi. Häzirki wagtda tejribe-senagat ulanyş tapgyrynda bolan «Galkynyş» käni gazyň ägirt uly goruna eýe. Ol Ýaşlar we Garaköl ýataklarynyň golaýynda ýerleşip, 27,4 trillion kub metr möçberinde bahalandyrylýar.

Meýdanynyň we gaz gorunyň ululygy bilen baglylykda, bu gaz känini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň maksatnamasy kabul edildi, her tapgyr öz gezeginde uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen anyk taslamalaryň çäginde özleşdirilýär.

Hytaýda gazyň sarp edilişiniň artýandygyny belläp, «Türkmengaz» DK-nyň başlygynyň aýtmagyna görä, öň gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýa türkmen gazynyň iberilişi dördünji şahanyň ulanyşa girizilmegi bilen ýylda 65 mlrd kub metre ýetmeli. HHR-e çenli onuň ugry Türkmenistanyň serhedinden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçer.

B.Amanowyň bellemegine görä, «Galkynyş» känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň barşynda çykarylýan tebigy gaz Türkmenistanda ulanylýar, şeýle hem Hytaýa iberilýär. Bu käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde «Petrofac», CNPC we «Hyundai Engineering» kompaniýalary harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ýerasty we ýerüsti ammarlar guraldy.

HHR-e ýylda goşmaça 25 mlrd kub metr gaz ibermek üçin «Galkynyş» käniniň ikinji tapgyryny ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär diýip, B.Amanow belledi. Häzirki wagtda guýulary burawlap we ikinji tapgyry özleşdirip başlamak hakynda şertnamanyň şertleri boýunça gepleşikler geçirilýär.

«Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysy öz çykyşynda halkara maýadarlarynyň ünsüni «Galkynyş» känini özleşdirmegiň üçünji tapgyryna çekdi. Ol Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazy üpjün eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň