Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde tälim alanlaryň sany barada maglumat berdi

09:5925.04.2023
0
38962

Türkmenistan raýatlarynyň arasynda sürüjilik okuwyny geçmek, täze başarnyk edinmek ýa-da sürüjilik derejesini ýokarlandyrmak isleýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň wekilleri 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde dürli derejeler boýunça sürüjilik okuwlarynyň statistikasyny yglan etdiler.

Şeýlelikde, şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda «B» derejesi üçin sürüjilik okuwyny 922 adam geçdi, «C» derejesi üçin 284 adam, «BC» üçin bolsa 5306 adam tälim aldy.

Şu ýyl «D» derejeli sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin 1016 adam, «E» derejesi üçin bolsa 892 adam okuwy tamamlady.

Şeýle hem agyr ýük awtoulaglaryny sürmek üçin 1126 adam, howply harytlary daşamak üçin 1300 adam tälim aldy, 211 adam bolsa sürüjilik derejelerini ýokarlandyrmak boýunça okuw geçdi.

Ýokarda getirilen görkezijiler 2022-nji ýylyň degişli döwrüniň maglumatlary bilen deňeşdirilende, ortaça, 100-150 adam ýokarydyr. Statistik maglumatlar Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurtda hereket edýän ähli şahamçalarynyň görkezijileri esasynda toplandy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň