Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady

11:0121.04.2023
0
47002

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyny Oraza baýramy bilen gutlady. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen Gutlagda şeýle diýilýär:

«Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklara aralaşýan Oraza baýramynyň baý öwüşginli dabaralarynyň eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimizi hem-de gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan baýramlarymyzy many-mazmun taýdan has-da döwrebaplaşdyryp, uludan toýlaýarys. Oraza baýramy-da sahawatlylygyň hem hoşniýetliligiň gadymy baýramydyr. Beýik Biribaryň barlygyna we birligine uýýan, watansöýüjiligi, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi, halallygy hem-de päkligi mukaddes ýörelgä öwren halkymyzyň keremli Oraza aýyna hem-de haýyr-sahawatly Gadyr gijesine hormaty ebedidir. Şoňa görä-de, her bir güni şan-şöhratly wakalara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Oraza aýynda agyz beklendi, tarawa namazlary okaldy, öten-geçenlerimiz ýatlanylyp, agzaçar sadakalary berildi.

Döwürleri we nesilleri aýrylmaz baglanyşdyrýan Oraza baýramynyň döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralary ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy, milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar.

Mähriban watandaşlar!

Türkmen halkynyň Gündogar bilen Günbatar halklarynyň medeniýetleriniň ösüşine goşandy çäksizdir. Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Mübärek, Mahmyt Zamahşary, Abu Sagyt Abulhaýyr, Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly akyldarlaryň ynsanperwerlik hem-de hoşniýetlilik, ýagşylyk, dogruçyllyk baradaky örän köpöwüşginli we çuňňur pelsepä ýugrulan taglymatlarydyr öwüt-ündewleri biziň egsilmez genji-hazynamyzdyr.

Ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň we sungatlaryň gülläp ösen merkezleri hökmünde şöhraty dünýä dolan Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Gadymy Nusaý galasynyň, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edilmegi biziň halkymyzyň dünýä taryhyndaky we medeniýetindäki ornunyň örän beýikdigini tassyk edýär.

Pähimdar ata-babalarymyzyň beýik paýhasy bilen döredilen milli mirasymyzyň jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýan, gurmaga we döretmäge ylham bagyş edýän güýç-kuwwaty bilen, bu gün ýurdumyzy gülläp ösüşleriň ýolundan ynamly öňe alyp barýarys. Durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyryp, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün edýäris. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň birleşmegine, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň baş maksadymyzdyr.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Mübärek Oraza aýynda amal eden tagat-ybadatlaryňyz, okan tarawa namazlaryňyz, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap beren sadakalaryňyz, okan aýat-töwirleriňiz, Garaşsyz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň has-da belende galmagynyň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna okan alkyş-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de maşgala rowaçlygyny arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň