Soňky habarlar

Arhiw

«Coddy» programmirleme mekdebi 8 – 13 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirýär

14:3920.04.2023
0
21503

«Coddy» çagalar üçin halkara programmirleme mekdebiniň «Şu gün – Coddy. Ertir – programmirlemekde üstünlikli karýera» atly bäsleşik geçirýär, bäsleşigiň baş baýragy mekdebiň ugurlarynyň biri boýunça mugt bilim almak.

Bäsleşige 8 – 13 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary çagyrylýar. Çaganyň bäsleşige gatnaşmagy üçin onuň kompýuter adalgalarynyň esaslary hem-de häzirki zaman tehnologiýalary barada umumy düşünjesi boýunça bilim derejesini kesgitlemek üçin deslapky synagdan geçmeli. Synaga ýazylmak üçin salgyda ýerleşdirilen maglumatnamany doldurmaly ýa-da (+993 63) 42 67 51 we (+993 63) 47 11 92 telefon belgilerine ýüz tutmaly.

Synagy öýde-de, «Coddy mekdebinde-de» geçmek mümkindir, mekdebiň salgysy: «Berkarar» işewürlik merkezi, 1-nji gat, «Iş Nokady» kompaniýasynyň ofisi. Synag 8-nji maýda geçiriler.

«Coddy» çagalar üçin halkara programmirleme mekdebinde aşakdaky ugurlar boýunça bilim bermek amala aşyrylýar:

  • Minecraft Education: emeli aňa (intellekte) giriş;
  • «Minecraft-da» modlary döretmek;
  • «Python-da» oýunlary we çat-botlary döretmek;
  • «Roblox Studio-da» hususy oýunlaryňy döretmek;
  • «Blender-de» oýunlaryň 3D-modelirlemesi;
  • Unity 3D;
  • Garward okuwlary CS50.

Sapaklar tejribeli mugallymlar tarapyndan geçilýär. «Coddy-da» programmirlemegi öwrenmek täze başlaýanlar üçin hem, bu ugruň esaslary bilen eýýäm tanyş we bu ugurda kämilleşmegi dowam etdirmek isleýänler üçin hem amatlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň