Düzüminde Baýramaly şäherinde doglan Jamaldin Hojanyýazow hem bolan «Akron» futbol topary Russiýanyň Kubogynda Moskwanyň «Spartagtyndan» üstün çykdy. Şu gün Žigulýow şäherinde geçirilen duşuşyk ýerli toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykda «Akronyň» gollaryny Andres Ponse bilen Nikita Saltykow geçirdi. «Spartakda» bolsa Tomaş Tawareş tapawutlandy. «Gyzyl-aklaryň» hüjümçisi Keýta Baldeniň ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyny bolsa Tolýattin klubynyň derwezeçisi Sergeý Wolkow gaýtardy.
Bu ýeňişden soň «Akron» ýaryşyň birinji tapgyryna çykdy, «Spartak» bolsa ýaryş bilen hoşlaşdy.