Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Mumbaýda Çabahar portuny ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşýar

11:4914.04.2023
0
45956
Türkmenistan Mumbaýda Çabahar portuny ösdürmek boýunça duşuşyga gatnaşýar
Surat: www.mfa.gov.tm

Çarşenbe güni «Hindistan — Merkezi Aziýa» bilelikdäki iş toparynyň Eýranyň Çabahar portuny ösdürmek boýunça ilkinji mejlisi öz işine başlady. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bir hatarda Türkmenistan hem gatnaşýar diýip, «WION» hindi habarlar ýaýlymy habar berýär.

Iki gün dowam edýän mejlis geçen ýylyň ýanwar aýynda geçirilen ilkinji «Hindistan — Merkezi Aziýa» sammitiniň Deli Jarnamasynyň esasy netijelerinden biri bolup durýar. Duşuşyga şeýle hem Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan we Özbegistan, ýörite çagyrylan gatnaşyjylar hökmünde bolsa Eýran we BMG-niň Bütindünýä Azyk Maksatnamasy (UNWFP) gatnaşýar.

Duşuşykda esasy meseleleriň hatarynda Şahid Beheşti terminalynyň ösdürilmegi we Çabahar portunyň Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan ulanylmagy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Strategik taýdan Eýranyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Çabahar porty sebitiň esasy söwda merkezine öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, Hindistan, Eýran we Owganystan 2016-njy ýylyň maý aýynda Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini (Çabahar Ylalaşygy) döretmek barada üçtaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdi. Hindistan Eýran bilen bilelikde Çabahar portundaky Şahid Beheşti terminalynyň birinji tapgyrynyň gurluşygyna hem gatnaşýar.

«Hindistan — Merkezi Aziýa» bilelikdäki iş toparynyň Eýranyň Çabahar portuny ösdürmek boýunça ilkinji mejlisiniň Hindistanyň sebitiň ýurtlary we Eýran bilen aragatnaşygyny has-da pugtalandyrmagyna garaşylýar. Çabahar portunyň ösdürilmegi we onuň gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan ulanylmagy sebitiň ykdysady we söwda mümkinçiliklerini giňelder diýlip çaklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň