Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Garagum» žurnaly döredijilik bäsleşigini yglan etdi

19:2910.04.2023
0
22744

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky Kararyndan ugur alyp, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, esasan-da, olary täze döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige Türkmenistanyň her bir ýaş raýaty öz döreden çeper eserleri — hekaýalarydyr goşgulary bilen gatnaşyp biler. Bäsleşige iberilýän eserlerde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi täze eýýamyň ruhunda giň beýanyny tapmaly. Bäsleşigiň jemleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar, diplomlar hem-de höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenilýän çeper eserleriň ýanynda oňa gatnaşyjy baradaky maglumatlar, işleýän ýa-da okaýan ýeri, salgysy we 3х4 ölçegli fotosurat bolmaly.

«Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly bäsleşige hödürlenýän çeper eserler şu salga iberilmelidir: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100-nji jaý, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Garagum» žurnalynyň redaksiýasy. Elektron salgysy: garagum-zurnaly@online.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 38-61-83.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň